Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy maýmyn mama keseliniň örän tiz ýaýraýandygyny nazarda tutup, “halkara jemgyýetçiligi üçin adatdan daşary ýagdaý” yglan etdi.
BSGG keseliň örän çalt ýaýraýandygyny we ölüm derejesiniň ýokarydygyny mälim edýär. Maýmyn mama keseli şu wagta çenli 16 ýurtda ýüze çykdy, olaryň 13-si Afrikadyr. Afrikanyň 13 ýurdunda 17 müň 541 adamyň bardygyna garamazdan, bu kesel sebäpli 517 adamyň aradan çykandygy hasaba alyndy.
Keseliň ýüze çykan ýurtlarynyň arasynda Günorta Afrika, Keniýa, Ruanda, Uganda, Kongo Demokratik Respublikasy, Burundi, Merkezi Afrika Respublikasy, Kongo Respublikasy, Kamerun, Nigeriýa, Gana we Liberiýa bar
Ýeri gelende belläp geçsek, maýmyn mama keseli sebäpli aradan çykanlaryň 97 göterimi Kongo Demokratik Respublikasynda bolup durýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy keseliň Şwesiýada, Awstraliýada we Pakistanda hem ilkinji gezek ýüze çykandygyndan howatyrlanýar.
Teswirler