Aşgabat şäherinde iş orunlary boýunça raýatlara tanyşdyryş çäresi geçirildi

Hepdäniň sişenbe güni paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde geçirmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda boş iş orunlary ýarmarkasy geçirildi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän eýeçiliginiň görnüşine garamazdan 158-sany edara-kärhanalar özlerinde bar bolan boş iş orunlarynyň 3575-sanysyny görkezdi, olardan 2372 sanysy işçi kärler.

Geçirilen çärä 41-sany edara-kärhana gatnaşdy we 6-sany raýat işe ýollanyş hatyny aldylar, jemi çärä gatnaşan 217 raýatdan 211-sanysy edara-kärhanalar tarapyndan söhbetdeşlige çagyryldy.

Şeýle-de okaň:
Işe girmek isleýärsiňizmi?
Bäherden keramika zawody tejribeli hünärmenleri işe çagyrýar!
Babadaýhan etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Ahal welaýatynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär!
Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Aşgabatda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Azatlyga çykan raýatlar iş orunlary bilen üpjün edilmeli
Türkmenistanda boş iş orunlary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok