Ahal welaýatynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär!

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Ak bugdaý etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800137) 36-7-14.

Şeýle-de okaň:
Işe girmek isleýärsiňizmi?
Bäherden keramika zawody tejribeli hünärmenleri işe çagyrýar!
Babadaýhan etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Ahal welaýatynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär!
Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Aşgabatda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!
Azatlyga çykan raýatlar iş orunlary bilen üpjün edilmeli
Türkmenistanda boş iş orunlary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok