Goja Hazar

Häzirki Hazar deňzimiz dürli döwürlerde Girkaniýa, Hazar, Hwalun, Kaspi ýaly atlar bilen atlandyrylypdyr. Halk içinde oňa akyldar ýaşululara ýüzlenilişi ýaly “Goja Hazar” diýilýär. Şahyryň:

Hazar goja Hazar, goja däl bu gün
Ol göze şeýle bir juwan görünýär.

– diýen setirlerine ser salsak Hazar entek juda ýaş görünýär. Ýaşlygyň bar ýerinde bolsa güllemek bar, ösmek bar, has dogrusy geljek bar. Bir söz bilen aýdanymyzda bolsa , gözel Awazanyň geljegi, ýagty ertirleriniň dowamaty heniz öňdedir.

Goja Hazaryň kenary, suwunyň tenekarlygy, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigat hakynda aýdymlar, goşgular döräpdir, rowaýatdyr tymsallar ýaýrapdyr. Eger-de size deňziň kenarynda şöhraty dünýä dolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan orun alan küştdepdiniň owazyna diň salyp görseňiz, onuň her bendinde diýen ýaly çyrpynyp ýatan deňziň taryhynyň ýaňlanýandygyna göz ýetirersiňiz.

Dünýäde ummana ýanaşmaýan ýeke-täk ýapyk deňiz diýlip hasaba alnan Hazar deňzi geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşendir. Ol Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky altyn köprüdir.

Maýa ARSLANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok