Sagdynlyk durmuşyň özeni

Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda okgunly ösdürilýär. Häzirki wagtda lukmançylyk ylmy köp ugurly ösdürilip başlandy. Lukmançylygyň özi birnäçe ylymlar bilen has ýakyndan baglanyşyklydyr. Olaryň biri hem Himiýa ylmydyr.

Medisina himiýasy – lukmançylygyň esasy ýörelgelerini öz içine alýan ylmyň ugurlarynyň biridir. Bu ylmyň esasy ýörelgesi- biologiki işjeň birleşmeleri kesgitlemek, tapmak, ösdürmek we molekulýar derejede öwrenmek bolup durýandyr. Bu ýerde lukmançylyk bilen derman himiýasy düşünjeleri biri- biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýagny, dermanlary almagyň täze çeşmelerini bilelikde döredýändigini we ulanýandygyny bellemek bolar.
Medisina himiýasy:
• Dermanlyk preparatlaryň taýýarlanyşyny
• Himiki öwrülme reaksiýalary
• Preparatlaryň saklanyşyny
• Preparatlaryň düzümindäki goşundylary has içgin öwrenýär.

Türkmenistan ,,Saglyk” maksatnamasy tapgyrlaýyn amala aşyryp, ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça strategiýany durmuşa geçirip, keselleriň köp görnüşlerinden dolulygyna ýa-da bölekleýin azat boldy.

Enäni we çagany goramak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegidir. Ene süýdi bilen iýmitlenmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde ýurt derejesinde çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň derejesi barha ýokarlandy.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda täze ösüşler netijeli üpjün edilýär.

Agamyrat GELDIMYRADOW,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina himiýasy
kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok