Şahsyýetiň ruhy ösüşi

Ösýän şahsyýetiň kemala gelşinde ýüze çykýan döwürler bilen tanyşmak gyzyklydyr. Adamyň şahsyýet hökmündäki ruhy ösüşini döwürleşdirmegiň giňişleýin nusgasy E.Eriksona degişlidir.

  1. Ynanç ýada ynamsyzlyk krizisi – çaga täze doglandan bir ýaşa çenli aralykda bolup diňe gorky bilen ejesinde başga hiçkime ynanmazlyk duýgusy bilen ýaşaýar.
  2. Şübhelenmeklige we utanja garşy durýan awtonomiýa ýagny özbaşdaklyk döwri bolup 2–3 ýaş aralygyndaky çagalara degişlidir.
  3. Günäkärçilik duýgusyna garşy durýan ugurtapyjylygyň döremegi 3–6 ýaşlar aralygyndaky ýaşlary öz içine alyp ol ýaşda adam özüni günäkärletmezlik üçin her ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin ymtylýar.
  4. Özüňi kembaha duýmaklyga garşy durýan zähmetsöýerlik. Bu döwür 6-12 ýaş aralygyny öz içine alyp bu ýaşda çaga öz deň-duşlaryndan kem galmazlyk üçin durmuşda özüne kär saýlamaklyga başlaýar.
  5. Rollaryň garyşmaklygyna garşy durýan öz meniňi ykrar etmek döwri 12-19 ýaş aralygyndaky döwür bolup ýetginjek bu döwürde öz ýoluny tapmaklyga çalyşýar.
  6. Psihologiýada ýeke galmaklyga garşy durýan içgin-pynhan aragatnaşygy gurnamaklyk döwri 20-25 ýaş aralykdaky döwri öz içine alýar.
  7. Durgunlyga garşy durýan öndürijilik 26–64 ýaşlar aralaygyndaky döwri öz içine alýar.
  8. Ýaşalan ömre ahmyr etmeklige garşy durýan “menleriň” birleşmesi esasynda ýaşalan durmuşdan kanagatlanmaklyk 64 ýaşdan ýokary.

Bu döwürleriň adamyň ösüş terjimehalyndaky yzygiderliginiň häsiýeti we gutulgysyzlygy jedelli mesele bolsa-da, olaryň hakykata laýyklygy teklip edilen nusga üns bermeklikligiň artykmaç däldigini görkezýär.

Ogulşat KABULJANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok