16-njy martda Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berler

Hormatly Prezidentimiziň 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çeken Kararyna layýklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Asylly däbe öwrülen ýazky ählihalk bag ekmek dabaralary her ýyl aýratyn öwüşginlere beslenýär. Sebäbi bu çäräniň halkymyzda täzelenişiň baýramy hasaplanylýan Milli bahar baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilmegi, oňa göwünleri ýaz ýakymyna beslenen ýaşuly we ýaş nesilleriň ählisiniň agzybirlikde, uly hyjuw bilen gatnaşmagy ählihalk bag ekmek dabarasyny ählihalk baýramyna öwrüp goýberýär diýsek, lap etdigimiz bolmasa gerek.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresiniň ekologik abadançylygy üpjün etmek nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem ähmiýetlidigini belleýär. Zähmet ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orny eýeleýär. Köpçülik bolup agzybirlikde bag nahallarynyň ekilmegi Diýarymyzyň ähli künjeginiň gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär.

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gök zolaklary döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar. Tebigaty goramak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan sebitleýin we ählumumy derejede ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, häzirki zamanyň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz bu ugurda netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň 3 million düýp nahaly ekiler.

Eziz SAPARGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok