ÝUNESKO-nyň ýadygärlik sanawyna,
Goşuldy şygyrlaň, golýazmalaryň,
Dünýä haýran saňa eý beýik dana
Seni deňäp bolar soltana, hana.
Türkmeni ýetirdiň şöhrata-şana,
Gal bu gün tirsegňe seň şanly toýuň,
Sen mydam mynasyp abraýa-ada,
Türkmeniň mert ogly eý asylzada.
Ynha seň arzuwlan zamanaň geldi,
Il-günüm parahat, ýurdumyz abat,
Bu gün dünýä ýüzi saňa baş egdi,
Eý beýik adamzat, eý beýik ynsan!
Wasp edip ýazypsyň geçmiş-geljegi,
Her bir sözüň ylhamymyň gözbaşy,
Her sözüňde görünip dur müň many,
Ýylyň adynda sen, ussat Pyragy!
Sähet HALYKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler