«Türkmen topragy-gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçiriler

Mart aýynda ýurdumyzda dürli maslahatlary, duşuşyklary, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli surata düşürilen kino we dokumental filmleri görkezmek meýilleşdirilýär.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaralar guralar. «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.

Ýazgül SUHANBERDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok