Murgap etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýaňy ýakynda Murgap etrabynyň 1-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu maslahata mekdep okuwçylary, mugallymlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Murgap etrap Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu maslahatda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Hojamyrat Baýlyýew geljekde hünär saýlamak temasy boýunça çykyş etdiler. Mundan başga-da maslahatyň dowamynda ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok