Tagtabazar etrabynda “Kämilleşmegiň ädimleri” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi

Golaýda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebinde Tagtabazar etrabynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan ýaşlar bilen pikir alyşma maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň, ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri, internet ulgamyndan dogry we ýerlikli peýdalanmak we olaryň okuwy we dynç alyşy bilen bagly meseleler dogrusynda özara pikir alyşmalar we sorag-jogaplar alyşyldy.

Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň wekilleri, şeýle hem şol mekdebiň müdiri T.Hummetgulyýew, okuw işler boýunça orunbasary Ö. Taýyrow, terbiýeçilik işler boýunça orunbasary M. Ýazmuhammedow we Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni O. Öwezberdiýewa gatnaşyp,  Magtymguly adyndaky TDU-niň talyplary Akhumaý Çaryýewanyň, hem-de Humaý Amanowa çykyş etdiler.

Ilki bilen üstünlikli tamamlanan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaşlaryň gazanan üstünliklerini giňişleýin beýan edýän wideo şekilli gysga film görkezildi, soňra bolsa “Kibermedeniýet we ýaşlar”, “Dil guralmy? ýa-da hünärmi?”, “Ussatlyga ýetmek üçin 10 müň sagat” atly temalar boýunça görkeziliş çykyşlar edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň (MBB) alyp barýan işleri barada tanyşdyrylyş çykyşy görkezildi.

Talyplar özleriniň çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, aň-bilim mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýändini wideo şekilli gysga filmleriň we görkeziliş çykyşlaryň üsti arkaly diňleýjilere ýetirdiler.

Şeýlede okaň:
Tagtabazar etrabynda “Kämilleşmegiň ädimleri” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Sakarçäge etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
Görogly etrabynda mugallymlar bilen pikir alyşma duşuşygy geçirildi
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Gökdepe etrabyndaky ýaşlar özara pikirlerini paýlaşdylar
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Tawus Ärsaryýewa,
Tagtabazar etrabyndaky
20-nji orta mekdebiniň
iňlis dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok