Gökdepe etrabyndaky ýaşlar özara pikirlerini paýlaşdylar

“Dana” bilim merkeziniň Gökdepe etrabyndaky bölümçesinde “Kämilligiň ädimleri” atly ýaşlar bilen pikir alyşma duşuşygy boldy.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň işjeň agzalarynyň gurnamagynda geçirildi.

Tejribeli işjeň agzalar maşgala, hünär öwrenmek, özüňi kämilleşdirmek, okamak endigini we jemgyýetde çykyş etmek ukyplaryny gazanmak ýaly temalarda çykyş edip, ýaşlara geljekki hünärlerini saýlamak babatda degerli maslahatlary berdiler.

Şeýle-de, bu ýerde ýaşlar psihologiýa, karýera we hukuk sowatlylygy ýaly temalar boýunça özleriniň pikirlerini paýlaşdylar.

Şeýle pikir alyşma duşuşyklary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Maglumat beriş bölümi tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe ýerlerinde, orta mekdeplerde we bilim merkezlerinde yzygiderli amala aşyrylýar.

Şeýlede okaň:
Gökdepe etrabyndaky ýaşlar özara pikirlerini paýlaşdylar
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok