Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda ylym-bilimiň, maglumat tehnologiýalarynyň, bu ugurdaky tejribeleriň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmekde, jemgyýetiň bilim derejesini we döredijilik kuwwatyny ýokarlandyrmakda amala aşyrylýan işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri her bir bilim işgäri üçin ýol görkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr».
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, ylmy barlaglar bilen meşgullanmaklary we saýlap alan hünärinde kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky aladalaryň giň gerime eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Bagtyýar ýaşlarymyz hem bu aladalara jogap edip, özlerine bildirilen beýik ynama wepaly bolup zähmet çekýärler. Şunda olar hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny esasy gollanma we ýolgörkeziji hökmünde peýdalanýarlar.
Berkarar döwletimizde sanly ulgama geçmekde we maglumat jemgyýetini kemala getirmekde sanly başarnyklary has-da ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sanly bilimi ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly täze ugurlaryň girizilmegi hem munuň subutnamasydyr.
Güneşli ülkämizde beýik ösüşleriň ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur. Ýaşlary Watanyň geljegi we daýanjy hasaplaýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merjen AÝTMEDOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň mugallymy.
Teswirler