Garaşsyzlygymyzyň gymmatly miweleri

Garaşsyzlyk halkymyzyň köňül meýdanyna ekilen uly baga çalym edýär. Köňüllerden suw içip, ösüp, ulalyp datly miweleri bilen il-gününiň ýürek buýsanjyna öwrülen Garaşsyzlygymyz her birimiz üçin bahasyz mukaddeslik.

Garaşsyzlyk bize asuda asmany, gül döwrümiziň gujagynda erkana hem rahat ýaşamagy, ene dilimizde bilim almagy, milli gymmatlyklarymyzy, toý-baýramlarymyzy, ösen tehnologiýalary peşgeş berdi. “Türkmen” diýen buýsançly adymyza buýsanmagy öwretdi.

Garaşsyzlygymyzy gazanandan soň, türkmen halky erkinligiň howasyndan dem alyp ösüşlere badalga aldy. Dünýäniň ösen döwletleri bilen ädimlerini deňledi. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň geljekki nesillerimiz rahat hem bagtyýar durmuşda ýaşasyn diýip bize goýan gymmatly mirasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tükeniksiz aladalary bilen gurlan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň gymmatly miweleri has-da süýjeýär, ýaşamaga, okamaga, işlemäge giň şertler döredilýär. Her birimiz Garaşsyzlyk sözüniň mukaddesligine düşünip, ony gözümiziň göreji kimin goramalydyrys.

Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň goýnunda ömürler ýaza, göwünler dutarymyzdan çykýan şirin nagma saza beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

Miwejemal HAPBYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok