Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär. Bu barada, 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.
Bu ugurda käbir teklipler beýan edildi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de giňeltmek maksady bilen şu ýylyň mart aýynda bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak göz öňünde tutulýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan 1992-nji ýylyň başynda ÝHHG-niň agzasy bolup, guramanyň ähli borçnamalaryny goldaýar. ÝHHG adam ölçegi babatda borçnamalaryny has-da giňeltdi hem-de olary amala aşyrmakda öz agzasy bolup durýan döwletlere goldaw bermek üçin hemişelik hereket edýän institutlaryň birnäçesini döretdi.
Mälim bolşy ýaly, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi 1999-njy ýylyň ýanwarynda açylan pursatyndan bäri adam ölçegi babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berip başlady. Ýigrimi ýyldan gowrak bilelikde işlemek bilen ÝHHG we Türkmenistan dürli ugurlarda, şol sanda kanunyň rüstemligine we kanunçylyk özgertmelerine ýardam etmek, adam hukuklary babatda halkara standartlary barada bilimi artdyrmak, adyl kazyýetligi ilerletmekde we penitensiar ulgamyny özgertmekde ýardam etmek, erkin we demokratik saýlawlary üpjün etmekde goldaw bermek, gender meseleleriniň hemmetaraplaýyn hasaba alynmagyny güýçlendirmek, adam söwdasynyň öňüni almak hem-de bu ugurda göreş alyp barmak we habar beriş serişdeleriniň azatlygyna ýardam etmek ýaly ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Gülnur ANNAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler