Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Şu ýylyň mart aýynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagyna Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasy geçiriler. Bu barada, 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Halkara matematika olimpiadasy 2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriler.

Halkara olimpiadalaryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek halkara matematika olimpiadasyna gowy taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Aýlar SAPAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok