Ene ýerden bol hasyl öndürip, mal-gara saklap, hojalygy dolandyran pederlerimiziň durmuşynda guýular ähmiýetli orun alypdyr. Guýy gazmak işi köp zähmeti, baý tejribäni talap edipdir. Uzak wagt ýumrulman saklanyp galan guýular guýy ussasynyň guýy gazmagyň ata-baba ýörelgesini, Garagumuň ýerasty suwlarynyň ähli syrlaryny bilendiginiň aýdyň şaýadydyr. Olar ot-çöpleriň, ösümlikleriň kömegi bilen ýeriň çuňňur gatlaklarynda arassa we duzly suwlaryň ýerleşýän ýerlerini takyk kesgitläp, guýynyň piri Zinde babany, jykyryň piri Nalaç babany, suwuň piri Ylýas atany, çölüň piri Hydyr atany ýatlap, olardan medet diläp, işe başlapdyrlar.
Guýularyň gazylyşy, ulanylyşy bilen bagly sözler, söz düzümleri asal zybanymyza özboluşly röwüş çaýýar, bezeg berýär. Guýular suwunyň tagamy, mukdary boýunça biri-birinden tapawutlanýar we dürlüçe atlandyrylýar. Käbir guýularyň suw gory ýeterlik bolup, birbada iki sany agyr sürini suwdan gandyrmaga ýetýär, ýagny ondan, takmynan, 15 — 20 tonna töweregi suw çykarmak mümkindir. Olara «düýp suwly guýular» diýilýär. Çyrla guýulardan bolsa birbada 1 — 5 tonna töweregi suw çykýar. Merkezi Garagumda mesgen tutan çarwa ilatyň guýulardaky suwuň goruny aňlatmakda işjeň ulanýan sözleri bar. Bu ýerde guýudaky suwuň azalandygyny ýa-da gutarandygyny aňlatmak üçin «sogulmak» sözi ulanylýar. Ýagny guýynyň suwy gutardy däl-de, «soguldy» diýilýär. Guýy soglansoň, ýene suw ýygnanýança esli salym garaşmaly. Ol guýynyň düýbündäki giň bolmadyk giňişlige akyp gelşine, suwuň ýygnanyşyna bagly. Şonda guýynyň içine seretseň, çöwlügiň düýbünden suwuň ýygnanyşy, akyşy gözüňe ilýär. Guýynyň içindäki şol akyma «irkim» diýilýär. Irkimi güýçli guýularyň suwy alnyp sogulsa-da, basym dolýar.
Meşhur taryhçy-arheolog W.I.Sarianidi Marguşda ylmy-barlag işlerini geçirip ýörkä, düýäniň guýynyň suwundan ganyşyny görüp: «Bu guýy ummanda ýüzýän gäminiň halas ediş halkasy ýaly adamlary suwsuz ölmekden halas edýän gudrat» diýip, türkmen aganyň guýusyny gudrat hasaplapdyr.
Aýgül HAKBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler