Golaýda, ýagny 5—11-nji ýanwarda Özbegistanyň Buhara şäherinde serhet çäklerini kesgitlemek boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar kartografik materiallary taýýarlamak we özbek-türkmen Döwlet serhediniň käbir böleklerinde meýdan işlerini geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Dostluk hem-de özara düşünişmek esasynda geçen çäreleriň ahyrynda degişli Teswirnama gol çekildi hem-de nobatdaky duşuşygy Türkmenistanda geçirmek bellenildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmen-özbek serhediniň kanuny taýdan resmileşdirilmegi baradaky gepleşikler Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda Türkmenistana döwlet saparyndan soň başlanypdy. Şondan bäri iki ýurduň hünärmenleri umumy serhediň käbir böleklerinde meýdan howa suratlaryny düşürmek boýunça we topografiki-geodeziki işleri alyp barýarlar. Türkmen-özbek serhediniň uzynlygy 1650 kilometre barabardyr.
Merjen JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler