Gymmatly gollanma

Iki ýylyň sepgidinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzy begendiren ajaýyp waka boldy. Çünki halkymyzda kitap gymmatly hazyna hasaplanylýar. Şeýle gymmatly hazynanyň gorunyň artmagy buýsandyryjydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaş nesle kämil bilim-terbiýe bermek bilen bagly mugallymçylyk işimizde we ylmy gözlegleri alyp barmakda biziň üçin gymmatly çeşmedir. Çünki bu kitapda, beýleki ugurlar bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamyna degişli dürdäne pikirler hem öňe sürülýär. Sagdyn jemgyýetde sagdyn bedenli adamlaryň döretmäge, gurmaga bolan ukyplarynyň ýokary bolýandygy durmuş hakykatydyr. Täze kitapda ylym-bilim, sport bilen bagly öňe sürlen pikirlerde adamyň kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin milli terbiýäniň, saglygyň we sagdynlygyň zerurdygy, aň kämilligi hakda beýan edilýär.

Täze kitaba ser salanyňda, döwrümiziň badyna, ata-babalarymyzyň belent adyna mynasyp nesliň kemala gelýändigine göz ýetirýärsiň. Ýaşlaryň halk hojalygynyň, döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarsyň. Munuň özi döwletimiz tarapyndan ýaşlara bildirilýän belent ynamyň berýän oňyn netijesidir, datly miwesidir. Çünki adam ogluny ynam beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, ynam güýçdür, söýgüdir, ganatdyr.

Bagtyýar ýaşlarymyz hakynda ajaýyp kitap döreden, halkymyzy döwletli döwrana ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülnabat MEREDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok