Magtymguly Pyragynyň dünýä derejesindäki nobatdaky ykrary

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrda ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleri tassyklamak boýunça Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habar bizi begendirdi we buýsandyrdy. Bütin halkymyzyň ruhuny galkyndyran bu resminamada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem bar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy Türkmenistanyň baýlygydyr. Halkara derejede şeýle Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa beýik söz ussadynyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna goşan goşandynyň nobatdaky gezek ykrar edilmesidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda akyldar Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuna uludan taýýarlyk görülýär. Bu babatda paýtagtymyz Aşgabatda has-da nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Aşgabat şäheriniň günorta-günbatarynda gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem oňa şaýatlyk edýär. Bu toplumy gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi. Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrymyzyň tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliniň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalar ulanylýar. Bu ýerde häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirleri baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrylar.

Gülmährem BAÝRAMDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok