Türkmeniň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi parasatly pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň, gymmatly pelsepeleriň hiç haçan könelmän, almaz daşy ýaly ýalkym saçýandygynyň hakykatyny dabaralandyrýar. Aşgabat şäheriniň görnükli ýerinde, Köpetdagyň dag gerişleriniň eteginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň beýik şahyryna sarpasynyň bir nyşanydyr.
Halkymyz tarapyndan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde bellenilip geçilmeginiň aňyrsynda beýik söz ussadynyň şygyrlarynda özüniň beýanyny tapan türkmen halkynyň döwletlilik, bitewülik, berkararlyk baradaky arzuwlary ýatyr. 2023-nji ýylda akyldar şahyryň gymmatly mirasyny halkara derejesine çykarmak ugrunda ençeme netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Akyldaryň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýle taryhy wakalar, aýratyn hem, 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzyň toý şatlygyny, ýürek buýsanjyny goşalandyrdy.
Goý, milli gymmatlyklarymyzy halkara derejesine çykarmakda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!
Mukam SARYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby.
Teswirler