25-nji ýanwarda Aşgabatdaky Amerikan merkezinde «48Hour Film Race» (48HFR, «48 sagatda film taýýarlamak») we Türkmenistanda kinematografiýanyň ösmegine bagyşlanan nobatdaky «#GoNight» ýygnagy geçiriler.
Diňleýjiler 48 HFR bäsleşigine gatnaşyjylardan, şeýle hem kinematografiýa pudagynda köp ýyl bäri işleýän hünärmenlerden kino düşüriş strategiýalaryny öwrenip bilerler.
Duşuşykda türkmen režissýorlary, ssenaristler we aktýorlar çykyş ederler. Çykyş edenler režissýoryň nukdaýnazaryndan kino düşüriş prosesi barada gürleşerler we 48 HFR bäsleşigine ozalky gatnaşmaklaryndan alan tejribelerini paýlaşarlar.
Ýeri gelende belläp geçsek, çykyşlar rus we türkmen dillerinde geçiriler. Giriş tölegsiz, öňünden hasaba alynmak hökmandyr.
Kümüş MUHAMMETORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler