Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýokary derejedäki çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri görülýär. Medeni çäräniň çäklerinde konsert, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi guralar.
Mälim bolşy ýaly, Gadymy Änew şäheri adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biridir. Bu şäher asyrlaryň dowamynda dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär we gadymy döwürlerden bäri tutuş dünýäde bellidir.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Bu baradaky degişli çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Bu mejlis şu ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” adyny göterýän Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirildi.
Bilbil BAÝRAMDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler