Bereketli türkmen topragy derman otlaradyr ösümliklere baýdyr. Şeýle ösümlikleriň biride üzärlikdir. Halk arasynda melhem hökmünde giňden peýdalanylýan bu ösümlik il içinde ,,adrasman’’, ,,däldirik’’, ,, isbent’’, ,,tütedi’’ diýlip hem atlandyrylýar. Dünýäde üzärligiň 6 görnüşi bolup, Türkmenistanda onuň 1 görnüşi duş gelýär. Üzärligiň 3-4 metre ýetýän uzyn kökleri biziň gurak, yssy howa şertlerimize çydamlydyr. Onuň boýy 30-40 santimetr bolup, 200-400 töweregi güli bolýar. Ol aprel – maý aýlarynda gülleýär. Üzärligiň köküniň, otunyň, gülüniň, tohumynyň dermanlyk häsiýeti we täsiri örän uludyr. Üzärlik çöllük we daglyk ýerlerde ösýär. Bu ösümlige Köýtendag etrabynda hem köp duş gelmek bolýar.
Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata- babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň, ýylanlaryň gaçýandygy subut edildi. Muňa ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar. Bu dermanlyk ösümligiň saglyk we arassaçylyk üçin ähmiýeti örän uludyr. Ata- babalarymyzdan miras galan we biziň şu günlerimize – bagtyýarlyk döwrümize gelip ýeten däp-dessurlarymyza laýyklykda, her bir türkmen ojagynda üzärligiň bir dessesi alaja bilen baglanyp, asylyp goýulýar.
Türkmende täze öý-ojak dikilende, gelin getirilende, bäbek dünýä inende üzärlik tütedilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bezegine öwrülen täze ýaşaýyş jaýlarynda uludan tutulýan toýlarda hem-de baýramçylyk dabaralarynda gadymy däp-dessurlaryň berjaý edilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan sarpasynyň uludygyny subut edýär. Halk arasyndaky milli ynançlarymyza görä , bela-beterlerden goranmak üçin , köplenç üzärligiň guradylan görnüşi ýakylyp , hepdede iki gün ähli otaglarda tütedilýär. Üzärligiň tüssesi dem alyş ýollaryna zyýan ýetirjek ýokançlaryň köpelmeginiň we ýaýramagynyň hem öňüni alýar. Bu gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän bagtyýar halkymyz tebigatymyzyň eçilýän baýlyklaryna uly sarpa goýup ýaşaýar. Halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda bimöçber aladalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Oýdin AŞIROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.
Teswirler