Nýuşa – «Türkmenistanyň at gazanan artisti»

27-nji dekabrda, Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramy mynasybetli russiýaly meşhur estrada aýdymçylary Olga Şultaýs bilen Nýuşa Şuroçkinanyň bilelikdäki konserti baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi.

Konsertiň dowamynda russiýaly meşhur aýdymçy Nýuşa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bagt nury» atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Anna Wladimirowna Şuroçkina (Nýuşa) «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakyldy.

Daýanç MÄMMETDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok