Baýramçylyk berekedi

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyla ykjam taýýarlyk görülýän şu günlerde ýurdumyzyň bazarlarynyň ilatyň gündelik sarp edýän ýokary hilli azyk önümleri we sowgatlyk harytlary bilen bolelin hem-de elýeterli bahalardan üpjün edilmegi babatda beren tabşyrygy hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ol önümleriň Täze ýyl saçaklarynyň berekedine bereket goşup, köňülleri galkyndyrjakdygyna buýsanýarsyň.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde baýramçylyk söwdalaryny guramak hem-de ilaty azyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu babatda zerur çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hereket edýän köpugurly söwda nokatlarynda azyk harytlarydyr sowgatlyk önümleriniň, Täze ýyl arçalarynyň ýaraşykly nusgalarynyň we baýramçylyk bezegleriniň elýeterli nyrhlardan söwdasy giňden ýola goýuldy.

Her baýramy toý sowgady bilen garşylamak däbine eýerip, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary bilen birlikde önüm öndüriji kärhanadyr döwrebap söwda merkezleriň, ak bazarlaryň hem ençemesini gurdular we halkymyzyň hyzmatyna berdiler. Kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, daýhanlarymyzyň bol hasyl ýetişdirmegi üçin döredilýän giň şertler, ilki bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň aglabasyna iş orunlaryny döretdi. Ýokary hilli önümler diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryna däl, eýsem, dünýä bazarlaryna hem ýetirilýär we olaryň sany ýylsaýyn artýar. Bu bolsa döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezip, Ýer ýüzündäki ygtybarly hyzmatdaşlarynyň sanynyň köpelmegine esas bolýar.

Goý, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşadýan, olara bagtyýarlygy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, işleri rowaç alsyn! Ýetip gelýän Luw ýyly düşümli, rysgal-bereketli bolsun!

Maýa BALLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok