“Arkadag” futbol klubyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtobus gowşuryldy

27-nji dekabrda, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde “Arkadag” futbol klubyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtobus gowşuryldy.

Şol bir atly döwlet derejeli şäheri görkezýän “Arkadag” futbol kluby 2023-nji ýylyň Futbol boýunça çempionatyna gatnaşan 22 resmi oýnuň ählisinde ýeňiş gazandy.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Arkadag” futbol kluby 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň adatdan daşary maslahatynda guramanyň düzümine goşuldy. Futbol topary täze Arkadag şäherinde döredildi.

Öwülýaguly HALTÄÇÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok