Beýik işler geljek senede hem rowaçlansyn!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan baky bagtyň ak ýolunda aýdyň maksatlara sary öňe ilerleýär, baýramçylyk lybasyna beslenen ýurdumyz, il-halkymyz päk arzuwlara beslenen Täze – 2024-nji ýyly uly joşgun garşylaýar. Üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly eziz Watanymyzy berkararlyga, halkymyzy bagtyýarlyga beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda durmuşa geçirilen beýik işler, bedew batly özgertmeler döwletimiziň halkara jemgyýetçiligindäki at-abraýyny artdyryp, ählimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagy babatda degişli işler amala aşyryldy, häzirki zaman halkara ölçeglere laýyk gelýän desgalar gurlup, ýola goýlan bilim özgertmeleriniň çäklerinde berilýän bilimiň hili täzeçil usullar bilen baýlaşdyryldy. Ata Watanymyzyň, sebitiň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen möhüm taslamalar halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly täsirini ýetirdi. Şeýle-de azyk bolçulygyny ýola goýmak, obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görüldi, topluma öňdebaryjy tehnologiýalary, suw tygşytlaýjy usullary giňden ornaşdyryldy hem-de hususy işewürligi höweslendirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeňişli menzilleriniň, arzyly maksatlary bolmak bilen, öňde duran wezipeleriň, geljekde hem nazarlanýan sepgitleriň düýp esaslary bolup çykyş etdi. Şunda ýaş hünärmenlere we dünýä tejribesine daýanyp, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ilerletmek möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi. Bu ugurly döwlet syýasatyny amala aşyrmakda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklige, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmeklige, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmaklyga aýratyn ähmiýet berildi.

Biz hem, şeýle döwletli işler täze 2024-nji ýylda hem has-da rowaçlanar diýip umyt edýäris. Pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Täze ýyl rowaçly, rysgally, düşümli ýyl bolsun!

Aýsoltan HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok