Emir Rasen türkmenistanly sungat ussatlary bilen aýdym ýazdy

Mälim bolşy ýaly, 24-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda asly türkmen bolan eýranly meşhur aýdymçy Emin Raseniň baýramçylyk konserti geçirildi.

Konsertiň dowamynda meşhur aýdymçy Emin Rasen sungat ýolunda özüne üstünlik getiren ajaýyp aýdymlary bilen çykyş edip, watandaşlarymyzyň uly şowhun bilen garşylaýan Täze ýyl baýramynyň şatlylygyny goşalandyrdy. Onuň çykyşlary konserte gelen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Asly türkmen bolan meşhur aýdymçynyň konsertde milli eşikde çykyş etmegi türkmen halkynyň milli egin-eşigine goýýan hormatynyň nyşany boldy. Konsertiň baýramçylyk şowhuny gyzgyn el çarpyşmalar bilen utgaşyp gitdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Emin Rasen türkmen aýdymçylary, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ahmet Atajanow we Begmyrat Annamyradow bilen bilelikde aýdym ýazdy we şekilli aýdym düşürdi.

Maýsa ARSLANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok