Türk estradasynyň goşa ýyldyzy Aşgabatda konsert berdi

25-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly sungat ussatlarynyň Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän baýramçylyk şüweleňi örän gysga wagtda on millionlarça ynsanlaryň söýüp diňleýän estrada ýyldyzlaryna öwrülen türkiýeli aýdymçylar Burak Buludyň we Kurtuluş Kuşuň konserti bilen dowam etdi.

Diňe bir Türkiýede däl, eýsem, bütin dünýäde, ildeşlerimiziň arasynda hem meşhurlyk gazanan ýaş aýdymçylar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmenistanly muşdaklaryny ynsan ömrüniň juwanlyk ýyllarynyň duýgy-düşünjelerini beýan edýän aýdymlary bilen begendirdiler.

Tanyşlyk açyp, sungatdaky döredijilik ýollaryny birikdirenlerine köp wagt geçmedik bolsa-da, 27 ýaşly Burak Buludyň we 26 ýaşly Kurtuluş Kuşuň bilelikdäki köpöwüşginli aýdymlary meşhurlyga eýe boldy. Olaryň durmuş, söýgi temasyndaky özboluşly duýgy-düşünjelere gaplanan bu aýdymlary ýaşlar bilen bir hatarda uly ýaşlylaryň-da ünsüni özüne çekýär.

Uly meşhurlyga eýe bolan ýigitler Täze ýylyň bosagasynda türkmenistanly muşdaklaryna iň täze hem joşgunly aýdymlardan taýýarlan çemenini sowgat etdiler. Amala aşmadyk arzuwlardan ahmyr çekmezligi ündeýän goşa ýyldyz öz aýdymlary bilen durmuşda her bir adamyň bagtly bolup biljek taraplarynyň «perdesini syrýarlar».

Ogulşat BAÝAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok