«Mukam» atly Täze ýyl konserti geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň hem-de estrado-simfoniki orkestriň gatnaşmagynda «Mukam» atly Täze ýyl konserti geçirildi. Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary Türkmenistanyň at gazanan artistleri Leýli Ökdirowanyň we Selbi Annadurdyýewanyň ýerine ýetirmeklerinde «Syrgyn» («Метель» – «Anna Karenina» atly saz eserinden), «Gar bolsa ýagýar» («А снег идет»), «Üç ak at» («Три белых коня») ýaly aýdymlaryň ýaňlanmagy arkaly garly gyşyň keşbini göz öňünde janlandyrdylar.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Rahman Joraýewiň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Nury Hojamuhammedowyň dirižýorlaryň ýolbaşçylygynda estrado-simfoniki orkestr belli mukamlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Konsert watançylyk mazmunly «Aşgabat» aýdymy bilen tamamlandy. Ekranda häzirki zaman binagärligi, suw çüwdürimleri, seýilgähleri we söýgüli şäherlerinde ýokary amatlyklarda ýaşaýan aşgabatlylar görkezilýän ak mermerli paýtagtymyzyň nurana keşbi beýan edildi. Aýdymy özüne çekiji äheňde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ýerine ýetirdi.

Täze ýylyň öňýanynda adamlar söýgüli estrada artistleriniň çykyşlaryndan Täze, 2024-nji ýyl üçin güýç-kuwwat aldylar.

Leýli MÖWLAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok