“Arkadag” topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň özeni bolan hem-de ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bilen adybir «Arkadag» kluby futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginde ilkinji gezek ýeňiji boldy.

2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy geçirildi. Onda täze şäheriň adybir futbol topary «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahaly» bilen güýç synanyşdy. 30-nji gezek geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok ýaryşynyň final oýnunda Wladimir Baýramowyň topary «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň “Ahal” toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Oýun Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçdi.

Oýnuň eýýäm birinji minutynda goragçy Abdy Bäşimow topy garşydaşynyň derwezesine gol (29′) geçirip hasaby açdy. Oýnuň ikinji ýarymynda bolsa goragçy ýene gol (52′) geçirmegi başardy. “Arkadagyň” ýarymgoragçysy Ilýa Tamurkin (68′) üçünji goly geçirdi. Şeýlelikde, «Arkadag» futbol klubynyň baş tälimçisi tejribeli hünärmen Wladimir Baýramow futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginde ilkinji gezek ýeňiji boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylda “Arkadag” topary şol bir wagtda Türkmenistanyň çempionatynda hem ýeňiji boldy.

Oguzhan BATYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok