Magtymguly Pyragy — akyl paýhasyň çeşmesi

Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyrydyr. Onuň döredijiligi adamlara ruhy ganat berýär, durmuşa düşünmäge, jemgyýetde ornuňy tapmaga ýardam edýär. Şeýle bolansoň, şahyryň şygyrlary diňe bir türkmen okyjylaryna däl, eýsem dünýä halklarynyň dillerine terjime edilýär. Magtymgulynyň şygyrlary arkaly türkmen edebiýaty dünýä ýaýylýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär.

Akyldar şahyrymyzyň şygyrlary watançylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de ahlak gymmatlyklaryna ýugrulyp, bu gün onuň berkarar döwlet babatdaky arzuwy amala aşdy. Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dana şahyryň «berkarar döwlet istärin» diýen arzuwy amala aşdy hem-de onuň ömrüni, döredijiligini ählitaraplaýyn öwrenmäge giň ýol açyldy. 2024-nji ýylda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilip geçilmegi şahyra goýulýan uly hormat-sylagyň ýene bir aýratyn subutnamasydyr.

Jandan eziz görlüp söýülýän, goýnunda ösüp kemala gelnen dogduk Diýarymyzda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda okamaga, döretmäge giň ýol açýan, bizi eşretli zamanada ýaşadýan, ýaşlar hakynda uly aladalary edýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri rowaç alsyn!

Jennet GARABEKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok