21-nji dekabrda – iň uzyn gije boldy

21-nji dekabrda Demirgazyk ýarym şarda gyş resmi taýdan başlandy. Şu gün Ekwatoryň demirgazygynda ýaşaýanlar ýylyň iň gysga gününi başdan geçirdiler. Şol sebäpli şol gün iň gysga gün, iň uzyn gije ýa-da iň garaňky gün diýilýär.

Gyş pasly gadymy döwürlerden bäri dünýäniň köp ýerinde baýramçylyklar bilen bellenilip geçilýär we bu hakda köp hekaýalar, mifler şeýle-de ylmy oýlanşyklar we çekişmeler bar.

21-nji dekabrda, Demirgazyk polýus – Günüň iň uzak nokadynda ýerleşýändigi sebäpli Demirgazyk ýarym şarda gyş başlaýar.

Gün asmanyň iň pes nokadynda, gözýetime iň ýakyn ýerde ýerleşýändigi sebäpli, 24 sagadyň dowamynda gündizlik juda az bolýar. Bu tebigy hadysanyň Ýeriň Günüň daşyndaky aýlanmagy bilen baglanyşyklydygy sebäpli, her ýyl şol bir wagtyň özünde şeýle hadysa gaýtalanýandyr öýdülýär, ýöne bu beýle däl. Ýer Günüň daşyndaky orbitasyny 365 gün 6 sagatda tamamlaýandygy sebäpli, iň uzak gije käwagt 21-nji dekabrda, käte 22-nji dekabrda bolýar. Günorta ýarym şarda bu sene tomsuň başy hasaplanýar.

Jennet MERDANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok