Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berer!

Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabada konsert bererler. Konsertiň dowamynda türkiýeli ýyldyz aýdymlary özleriniň sungat ýoluda meşhurlyk gazanan aýdymlary, şeýle-de täze döreden aýdymlary bilen çykyş ederler. 

Burak Bulut bilen Kurtulyş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak konserti 25-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Konsertde ýerine ýetiriljek ajaýyp aýdymdyr sazlar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrar.

Konsert 18:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkiýeli aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok