Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen uly ähmiýetli taryhy-syýasy wakalary, şanly seneleri bilen täze taryhy döwrüň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan, hakydalarda mydamalyk orun alan ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Bosagada bolsa täze — 2024-nji ýyl! Täze ýylyň dabarasy, şatlyk-şowhuny eýýämden ýurdumyzyň çar künjüni, bagtyýar raýatlarymyzyň her birini baýramçylyk ruhubelentligi bilen gurşap aldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde täze — 2024-nji ýyly mynasyp garşylamaga batly depginlerde taýýarlyk görülýär. Biri-birinden owadan arçalar, meýdançalardyr seýilgähleri bezeýän dürli öwüşginli çyrajyklar eziz Diýarymyzyň gözelligine özboluşly öwüşgin eçilýär.
Täze ýyl baýramy biziň ählimize egsilmez şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly däpleri, şagalaňy bilen gurşap alýar. Uly-kiçi ähli adamlaryň biri-birine ýurt parahatçylygyny, abatlygyny, il agzybirligini, ýagşy niýetleri arzuw etmegi, birek-birege baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmagy bu baýramyň ähmiýetini artdyrýar. Halk arasynda «Täze ýyly nähili garşylasaň, ýylyň bütin dowamy hem şeýle bolýar» diýen aýtgy bu baýramçylygyň özboluşlylygyny häsiýetlendirýär. Ruhubelent halkymyzyň, şadyýan çagalarymyzyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüzlerindäki begenç hem guwanç duýgulary, olaryň abadan durmuşymyzy wasp edýän joşgunly aýdymdyr tanslary ýurdumyzyň asudalygyndan, ähli ynsanlaryň Täze ýyly şatlyk-şowhunly garşylaýandygyndan habar berýär.
Goý, ýetip gelýän Täze — 2024-nji ýyl hem Watanymyz we halkymyz üçin parahatçylygyň, rowaçlygyň, abadançylygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun!
Gültäç ATDAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler