Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!

Eziz Diýarymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly hem tamamlanyp barýar. Bu ýyl döwletli, rysgal-bereketli we uly ösüşlere badalga beren ýyllaryň biri boldy. Bosagada Täze ýyl baýramy. Bir ýyl gojaman taryhyň öňünde uly möhlet bolmasa-da, ýaşaýyş durmuşymyz babatda ol köp wakany, uly özgerişleri öz içine alýar. Mysal üçin, bir ýyldaky mekdep okuwçysy — indiki ýylyň talyby, ýa-da geçen ýylyň talyby — bu ýylyň ýaş hünärmeni bolýar. Ýa-da bir ýyl mundan öň gelin edinen bagtyýar ene bu gün sallançakda posalajyk agtygyny hüwdüleýär. Şu zatlar barada pikir edeniňde, her ýylyň adamzat durmuşynda uly ähmiýetli wakalara sebäpdir başlangyç bolup bilýändigine göz ýetirýärsiň. Şeýle bolansoň, adamlar her geçen ýyly onuň netijelerini bahalandyrmak bilen jemleýärler we täze ýyly has gowy arzuw-umytlar bilen garşy alýarlar.

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik bolup, ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Täze ýyl baýramçylygy maşgala baýramçylygy bolup, her bir maşgalada, öý-ojakda giň saçagyň başynda toýlanylýar. Täze ýyl saçagy giňden ýazylyp, dürli naz-nygmatlar bilen bezelýär. Şonda ýylyň dowamynda saçaklarymyz berekede baý bolar diýlip düşünilýär. Baýramçylyk günlerinde adamlar birek-birege ýagşy arzuw edýärler.

Birek-birege hoş arzuwlary aýtmagyň iri-giji ýogam bolsa, ýürekde beslenen iň gowy arzuwlary dile getirmek üçin iň gowy pursat, megerem, Täze ýyl baýramçylygy bolsa gerek. Täze ýylda her bir ynsana üstünlik, jan saglyk, bagtyýarlyk, gözellik ýaran bolsun! Saçaklarymyz, sallançaklarymyz, doly bolsun! Goý, ýetip gelýän Täze ýyl bagtyýar türkmen halkynyň ak arzuwlaryny hasyl etsin! Täze ýyl ulus-ilimiz üçin düşümli, rysgal-bereketli ýyl bolup gelsin!

Aýläle GURBANDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok