Alym Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda belleýşi ýaly, iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, olaryň işini düzgünleşdirýän milli kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň döwrebap ýagdaýda üpjün edilmegi babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu beýik tagallalar Watan goragçylarynyň buýsançlaryna buýsanç goşup, mukaddes Watanymyzyň goragyny ýokary derejede üpjün etmäge ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýigitleri merdana ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz esasynda Watana, halka wepalylyk, mertlik, adalatlylyk gerek bolsa, öz mähriban Watany, eziz halky üçin gahrymançylyk görkezmäge taýýarlyk ruhunda terbiýelenýärler. Şunlukda, ata Watanymyzyň goragy ruhy-ahlak taýdan terbiýeli, düşünjeli, şahsy göreldäni özünde jemleýän, ugurtapyjy, öz kärini söýýän türkmen ýigitlerine ynanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän kitaplarydyr öwüt-ündewleri Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän ýaşlarda Milli goşunymyza söýgi döretmekde, ata Watanymyzy goramagyň özüne ynanylandygy baradaky buýsançly hem jogapkärli duýgyny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän kitaplary, öwüt-ündewleri ýörelge bolup hyzmat edýär.
Goý, Watanymyzy söýmekde nusgalyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hangeldi HANOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.
Teswirler