Täze bina ediljek “Güneşli” merkezinde ýaşlar üçin dürli ugrularda gurnaklary guramak meýilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryň mekany bolan ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň, ýokary derejeli bilimli, döredijilikligiň üsti bilen ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekleri we olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, çagalaryň zähmete bolan höwesini artdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Muňa mysal edip Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän şertleri, gurulýan bilim edaralaryny görkezmek bolar.

Ýakynda Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde we Arkadag şäherinde alynyp barylýan desgalaryň gurluşygy bilen tanyşmak üçin iş saparynyň çäginde häzirki wagtda hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze ýagny, “Güneşli” ady bilen bina ediljekdigi baradaky hoş habar diýseň begendirdi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin, olaryň kämil şahslar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýär.

Täze bina ediljek “Güneşli” merkezinde çagalar sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanýan ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan otaglar, sport bilen meşgullanmak üçin sport zallary, medeni-guramaçylyk ugurly gurnaklar, durmuş ugurly gurnaklar, muzeýler we dil öwrenmek üçin ýörite gurnaklar guramak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda türkmen ýaşlary dünýä derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Olar diňe bir sport ulgamynda däl, eýsem halkara olimpiadalara gatnaşyp ýeňiş gazanýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, hünär eýeleri hem-de zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Biz hem Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýaş nesliň bilimli-ylymly bolmagy, watansöýüjilik häsiýetde terbiýelenmegi, kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin yhlasly zähmet çekýäris. Bu ugurda ýaşlar üçin mekdebe çenli çagalar bagyndan başlap umumy bilim berýän orta mekdepler, mekdepden daşary çagalar we ýetginjekler öýleri hyzmat edýär

Ýaşlar üçin döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, döwletli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Gurbangül NAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň direktory
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok