Hemmämiz bilelikde AIDS-e garşy göreşeliň!

Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryny has-da döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýän ýurdumyzda watandaşlarymyz sagdyn jemgyýetde ýaşap, abadan durmuşyň hözirini görýär. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gözbaş alýar.

Saglygy goraýyş babatda raýatlaryň bilim-düşünjelerini artdyrmakda, hüşgärligiň elden berilmezliginde, 1988-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden çözgüdi esasynda her ýylyň 1-nji dekabrynda AIDS-e garşy bütindünýä göreş gününiň bellenmeginiň ähmiýeti uludyr.

AIW/AIDS-iň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde ilata, şol sanda ýaşlara özlerini goramak endiklerini öwretmek, dogry maglumatlary bermek ähmiýetlidir. Köp adamlar AIW/AIDS şol bir zat diýip düşünýärler, emma bu ýalňyşdyr. AIW adamyň immun ýetmezçilik wirusydyr. Ol adam bedenine düşenden soňra, immun ulgamyna dikeldip bolmajak derejede zeper ýetirýär, AIW ýokanjyna getirýär. Bu bolsa beýleki adaty ýokançlara garşy durmak ukybyny peseldip, bejermesi kyn ýagdaýa iterýär. AIDS bolsa bu keseliň iň soňky döwrüdir.

Saglygymyz biziň özümizi alyp barşymyza, edýän hereketlerimize gönüden-göni baglydyr. AIW ýokanjy adam bedeninde ýaşamaga ukyply bolup, ol diňe adamdan adama ýokuşýan keseldir. Adam bedenine düşeninden soň, wirus köpelip, bedendäki ähli suwuklyklara aralaşýar. Bedeniň käbir suwuklyklarynda wirusyň mukdarynyň azlygy sebäpli, ýokuşma howpy aradan aýrylýar.

Geliň, hemmämiz bilelikde AIDS-e garşy göreşeliň!

Mekan SALYHOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok