Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.
Nýu-Delide akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde medeni çäreler hem geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti şu ýylyň 2 — 5-nji dekabry aralygynda Hindistan Respublikasynda iş saparynda bolar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hindistan Respublikasyny möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplap, onuň bilen hyzmatdaşlygy, deňhukukly we uzakmöhletleýin esasda gurulýar. Türkmen-hindi gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolup, bu ugurda ulgamlaýyn hyzmatdaşlyklar hem netijeli ösdürilýär. Sebäbi ýurdumyz dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, onuň hukuk binýady işlenip düzüldi. Häzir döwletara gatnaşyklaryna dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak, ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça taraplaryň özara düşünişmegi mahsus bolup durýar.
Aýjeren GAÝGYSYZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler