Narpyzyň peýdasy

Narpyzyň peýdasy barada adamlar gaty irki döwürlerde bilip, ony giňden peýdalanypdyrlar. Hatda gadymy grek rowaýatlarynda narpyzy Afrodita hudaýynyň oty hasaplapdyrlar. Gadymy Rimde narpyz iň bir giňden ulanylýan ot bolup, zenanlar narpyzyň ýapraklaryny ary baly bilen garyp çeýnäpdirler. Gadymy Müsür faraonlarynyň guburlaryndan narpyzyň galyndylarynyň tapylmagy bolsa oňa şol döwürlerde-de uly ähmiýet berlendigini görkezýär. Şonuň ýaly-da gadymy döwürlerde narpyzdan anbar taýýarlapdyrlar, ony dürli tagamlara garypdyrlar. Gadymy gündogarda narpyzdan sowuk içgiler — şerbet taýynlanypdyr. Orta asyrlarda köşk aşpezleri dürli naharlara reňk bermek üçin narpyzyň suwuny sykyp alypdyrlar. Günorta Amerikada narpyzy ruhuňy göteriji içgileri taýýarlamakda ulanypdyrlar. Ol ýerde bu otuň ady-da gönüden-göni: «Gowy ot» manysynda terjime edilýär.

Gadymy döwürlerde narpyzy ömri uzaldýan ösümlik hökmünde hem peýdalanypdyrlar. Ösümlikdäki peýdaly serişdeleriň sazlaşygy adam bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Köp keselleriň öňüni almaga täsir edýär. Narpyzly çaýyň kellagyryny aýyrmakda, rahatlanmaga, sowuklamadan gutulmaga peýdasy örän uludyr.

Narpyzyň dermanlyk häsiýetleri, tebigy gorlary, biologik aýratynlyklary dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin maglumat berilýär. Narpyzyň jöwheri diuretik agyryny aýryjy, öýken kesellerinde, inçekeselde, gastritde giňden peýdalanylýar. Dişagyry ýüze çykan halatynda, ösümligiň petine we jöwherine agyz çaýkalýar. Narpyzly çaýlar rahat uklamaga ýardam edýär. Ösümlik sowuklama garşy oňat täsir edýänligi üçin bronhidi bejermekde giňden peýdalanylýar. Narpyz dürli içgilere, işdäaçarlara, köke önümlerine, naharlara goşulmak bilen, olaryň tagamyny artdyrýar we ýakymly ys berýär. Narpyzyň gözellik, diş ýuwujy serişdelere hem-de agyz çaýkamaga degişli bolan suwuklyklaryň köpüsine goşulýandygy hemmä mälimdir.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok