EDEP-TERBIÝE –YNSAN DURMUŞYNYŇ BEZEGIDIR

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp ýaş nesilleri kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Munuň özi her bir adamyň esasanam, ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, olaryň ýagty ertirine bolan beýik ynamyna ynam goşýar. Parahat ýurdumyzyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösmegi üçin Watan söýgüsi gursagynda bolan, buýsançly, edep-ekramly, gujurly, asylly hem başarjaň türkmen ýaşlary derkardyr. Ata-babalarymyz öz perzentleriniň süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, ynsaply, edep-ekramly, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji edip ýetişdirmek üçin ellerinden gelenini gaýgyrmandyrlar.

Ýaşlaryň edep-ekramly bolup ýetişmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Her bir Ata-ene perzendine mähir duýgusyny siňdirip kemala getirýär. Ata-enäni sylamak perzende parzydyr. Ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir.

Ata-babalarymyz çaga eziz, edebi ondanam eziz diýmek bilen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbyna ol heniz sallançakdaka guýup başlapdyrlar. Körpeler mährem enelerimiziň watansöýüjilige, adamkärçilige eýlenen hüwdüleriniň şirin owazyndan ganyp uka gidipdirler. Türkmen maşgalasynda çaganyň her bir pursady ünsden düşürilmän, ol asyl däp-dessurlara, bagtyýarlylyk eçilýän toý baýramlara beslenýär. Biz muňa bäbek toýy diş toýy, galpak toýy, durmuş toýy ýaly gadymy ýörelgelerimiziň mysalynda göz ýetirýäris.

Edep her bir halkyň asyrlaryň dowamynda toplap kämilleşdiren, nesillerden nesillere geçirip gelýän ahlak kadalarynyň, gylyk häsiýet düzgünleriniň jemidir. Şol gylyk häsiýetleri, ahlak düzgünleri özleşdirmegiň başaran her bir adamyň özüni alyp barşy öz halkyna laýyk gelýär. Türkmen halkynyň edep kadalary türkmen nesli üçin nusgadyr, görüm-göreldedir, ýol-ýörelgedir. Türkmen halky öz perzentleriniň bagtyýar, has kämil bolmagyny isläp, nesilleriň aňyna edep-kadalaryny guýmagyň dürli ýollaryny agtarypdyrlar.

Ýaş nesliň asylly ýörelgelerden ugur alýan ählihalk çärelerine işjeň gatnaşmagy döwletimizde sagdyn pikirli, kämil, asylly, terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmegine uly itergi berýär. Ählihalk ýowarlaryna gatnaşmak, el-ele berip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak her bir ýaş nesil üçin belent jogapkärçilik hem-de bagt bolsa gerek. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň her birimize nusgalyk görelde bolup durýar. Tebigatymyzyň gözelleşmegine mynasyp goşant bolup durýan ählihalk ýowarlaryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp, ak pata bermegi Watanyň geljeginiň kuwwatly nesli üçin mynasyp çagyryşdyr.

Ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamak işi bolsa, ýurdumyzyň geljegi, döwletimiziň ösüşi barada alada edýän kämil nesli ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi işewür, döwrebap pikirlenýän, daş-töwereginde bolup geçýän hadysalara akyl ýetirmegi başarýan, filosofik medeniýete eýe, özüne ynamly, şol bir wagtda hem, öz-özüni çäklendirmegi başarýan, öz ruhy ösüşinde ýeten derejesi bilen kanagatlanmaýan, özüne baha bermegi başarýan, halal zähmet çekýän adamy ýetişdirmek diýmegi aňladýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrundaky atalyk aladalary, ýaşlar barada durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň toplumlaýyn we netijeli häsiýetinde ýüze çykýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, zähmetsöýer, zehinli bolup ýetişmegi baş aladamyz bolup durýar. Ýaşlary terbiýelemäge, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Käkilik GARÝAGDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok