MAGTYMGULY PYRAGY – SÖZ ÄLEMINIŇ ÇYRAGY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzdan dowamat-dowamly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda taryhyň dürli döwürlerinde dünýä edebiýatyna, medeniýetine, sungatyna, umuman durmuşyň dürli ugurlarynyň ösmegine goşant goşan türkmen akyldarlaryna, alymlaryna we şahyrlaryna goýulýan sarpa has-da belende göterildi. Bu bolsa gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkymyzyň şahyrana, pähim-parasada sarpa goýýan halkdygyny görkezýär. Onuň geçmiş taryhynda at-owazasy dünýä dolan şahsyýetleri sanardan köp bolupdyr. Şolaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr.

Watan söýgüsi her bir ynsanyň kalbyndaky iň bir mukaddes hem lezzetli duýgylaryň biridir. Watanyny söýüp bilmedik özünem söýüp bilmese gerekdir, sebäbi Watan ynsanyň barlygydyr. Watanynyň berkarar bolmagyny arzuw eden, onuň dag-düzüni, deňizlerini, gül-gunçasyny gara gözüniň garasyna deňäp söýen akyldar şahyryň her setiri gyzyla barabar döredijiliginde Watan söýgüsi, Watan waspy dilinden düşürilmändir.

Magtymguly Pyragynyň ähli puşduna arzuw eden berkarar döwleti bu gün gurlup, maksatlara ýetilen ajaýyp döwrümize buýsanç ýüregime üýtgeşik duýgy bolup doldy. Beýik ynsanlaryň baş barlygy eziz Watany, il-güni bolýandyr. Olar Watanyny beýgeltmäge, il- gününiň asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge tutuş ömrüni bagş edýärler.

Türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ruhy genji-hazynasy manyly sözler bilen baýlaşdyran beýik söz ussadymyz, halkymyzyň guwanjy Magtymguly atamyzyň çeper döredijilik dünýäsi halkymyzyň milli dünýägaraýşyna, şeýle-de, umumadamzat ýaşaýyş-durmuşyna we medeniýetine degişli pikirlerden doludyr. Alymlar dana şahyryň şygryýet äleminiň, çeper döredijilik örüsiniň örän giňdigi hem köptaraplydygyny belleýärler. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary çuň many-mazmuna eýe bolup, olarda il-günüň ykbaly, durmuşy, şeýle-de, belent ynsanperwerlik ýörelgesi, adamkärçilik sypatlary, hakyky watançylyk ruhy duýulýar.

Ogulşat ORAZBERDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok