Il arasynda ,,Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr’’ diýen ajaýyp jümle bar. Biziň döwrümizi şatlykly wakalara besleýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzyň parahatçylygyny, il-günümiziň agzybirligini gazanmakda beýik işleri durmuşa geçirýär. Hakykatdan hem, ata Watanymyzyň her bir güni bagtlylykdan nyşandyr. Bagtly günleriň şaýady bolýan günlerimiziň her bir pursady bolsa, taryhy wakalara, şatlykly senelere baýdyr.
Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň nähili derejede beýik şahsyýetdigini görkezýän hakykatdyr. Sebäbi kitap kämilligiň gözbaşydyr. Ynha, bu günki gün Gahryman Arkadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtorydyr. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip, olara görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýazýan kitaplary halkymyza, aýratyn hem biz ýaşlara egsilmez şatlyk paýlaýar. Häzirki döwürde sanly ulgamyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň: ,,Gahryman Arkadagymyzyň ýene bir täze kitaby çapdan çykdy’’ diýen habaryny eşitmek biziň kalbymyzda buýsanç, şatlyk duýgusyny döredýär. Men Gahryman Arkadagymyzyň täze ýazjak eserlerine, kitaplaryna uly höwes bilen garaşýaryn. Çünki ol eserlerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi bar. Şonuň üçin ol eserler biz ýaşlaryň iň bir söýüp okaýan eserleri, kitap hazynalarymyzyň bezegidir.
Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Watan keşbi, Watan söýgüsi aýdyň duýulýar. Watan keşbi ajaýyp bir esere meňzände, onuň waspy ynsan kalbynyň iň gözel duýgulary bilen sazlaşýar. Eger, her bir döwleti bir paslyň alamatlary bilen beýan etmeli bolsa, onda eziz Diýarymyz Türkmenistany şübhesiz bahar paslynyň ajaýyp keşbinde göz öňüne getirerdim. Sebäbi, Türkmenistan döwletimizdäki ýaşaýyş sowulmaz bahardyr.
Halkymyzyň hem-de biz talyp ýaşlaryň ruhy hazynasyny has-da baýlaşdyrýan, gün-günden täze, nusgalyk eserleri bize peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ujy ýiti bolsun! Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys.
Aýjahan NARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler