El hünärinden dörän ajaýyplyklar

Türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärleri dogrusynda söz açylanda, olaryň on barmagynyň gudratyndan binýat bolýan ajaýyp sungat eserleri barada buýsanç bilen agzap geçýäris. El işleri näzenin türkmen zenanynyň syrly kalbynyň altyn açary hasaplanýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Öý şertlerinde tikin-çatyn işlerini ýerine ýetirmegi başarmak gelin-gyzlaryň görki-gelşigi, edep-ekramydyr. Asyllylygyň, başarjaňlygyň, maksada okgunlylygyň nyşanydyr» diýmek bilen, türkmen zenanlarynyň döreden sungatyna uly sarpa goýýandygyny nygtap geçýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda däp-dessurlarymyzy ýaşlara öwretmek barada ençeme işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň zähmeti uludyr.

Türkmen zenanlarynyň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji-hazynasydyr, deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr. Zenanlarymyzyň döredýän eserlerini, türkmen halylaryny, keşdelerini we beýleki el işlerini göreniňde, olaryň ruhy dünýäsiniň baýlygy, köňül arzuwlarynyň gözelligi aýdyň görünýär. Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr.

Gadymy mirasymyzy dünýä ýaýmakda, ýaş nesillerimize öwretmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyk ýar bolsun!

Täçsoltan TARAŞOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok