Aşgabat şäheri kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder

Aşgabat şäheri 23 ― 28-nji noýabr aralygynda kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň başlanmagyna 10 gün galdy. Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna 50 döwletden 236 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Kuraş sporty federasiýasynyň wekilleri habar berýär.

Sport bilermenleriniň aýtmagyna görä, dünýä çempionatynda türkmenistanly, özbegistanly we eýranly türgenleriň has köp medala mynasyp bolmagyna garaşylýar. Çempionatda medallaryň 60-sy üçin göreşiler. Bu bolsa her agram derejede dört türgeniň medal gazanyp biljekdigini görkezýär. Has takygy, agram derejeleriniň her birinde bir altyn, bir kümüş we iki sany bürünç medalyň eýesi kesgitlener.

Dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna türkmen hünärmenlerinden Rejepbaý Aşyrowyň, Feruddin Hudaýberdiýewiň, Kuwwat Nuryýewiň hem-de Öwezmuhammet Atalyýewiň eminlik etmegi meýilleşdirilýär. Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 250-si meýletinçiler hökmünde hyzmat ederler.

Ýeri gelende belläp geçsek, dünýä çempionaty Kuraş boýunça halkara assosiasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýär. Assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal ― 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda assosiasiýa milli federasiýalaryň 118-sini özünde birleşdirýär. Olaryň 32-si Aziýa, 22-si Afrika, Ýewropa 33-si, Demirgazyk we Günorta Amerika yklymlaryna 22-si, Okeaniýa bolsa 9-sy wekilçilik edýär. Ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Aşgabat taryhynda ilkinji, umumylykda bolsa 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder.

Amangeldi AMANGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
arap dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok