Gyzyl burç

Gyzyl burçuň asyl mekany Merkezi we Günorta Amerikadyr. Meksikalylar burçy paýhasyňy durlaýjy serişde hasaplaýar. Perunyň ýaşaýjylary bolsa bu önümi horlanmak üçin peýdalanýarlar. Gyzyl burçy dadyp gören ilkinji ýewropaly Hristofor Kolumbdyr. Şondan soň onuň tohumy jahankeşdeler tarapyndan Ýewropa ýurtlaryna getirilipdir.

Gyzyl burç biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl mundan öň medenileşdirilen ösümlikdir. Amerikaly indeýler gyzyl burçuň dermanlyk häsiýetlerini ir wagtlarda kesgitläpdirler. Maýýa indeýleri diş agyrysynda ony dişlerine sürtmek bilen agyryny gowşadyjy serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Inkler bolsa gyzyl burçy göreji ýiteldiji iýmit hasaplapdyrlar. Arawak indeýleri gyzyl burça «ajy» diýipdirler. Häzirki wagtda türki dilli halklarda gyzyl burçuň tagamyny aňladyp, ajy burç diýlip ulanylmagy hem ýerli arawak indeýleriniň sözi bilen baglydyr.

Gyzyl burçuň düzüminde karotin (A), tiamin (B1), riboflawin (B2), niasin (B3), E, C, PP witaminleri, foliý kislotasy (B9), magniý, natriý, kaliý, demir, mis, marganes ýaly 40-dan gowrak witamin, 20-den hem köp minerallar bolan gyzyl burçuň ynsan saglygyny berkitmekde peýdasy uludyr. Burç gany işjeň suwaltmak bilen, ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Kapsaisin ýaglaryň harçlanylmagyna itergi berýär. Şoňa görä-de, horlanmak isleýänlere burç iýmek maslahat berilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, gyzyl burç dümewiň we sowuklamanyň bire-bir emidir. Gyzyl burçuň üsgülewügi aýryjy, gakylyk goparyjy, gyzgyny düşüriji serişde hökmünde dermanlyk häsiýetleri ykrar edilendir.

Aýlar BATYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok