12-nji noýabrda Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň golaýyndaky 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy geçirildi.
Täze, döwrebap athananyň açylyş dabarasy toý-baýrama beslendi. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary döwletleriň ýurdumyzdaky ilçileri gatnaşdylar.
Täze toplumyň umumy tutýan meýdany 15,4 gektar bolup, onuň çäklerinde birnäçe desga gurlupdyr. Dabara gatnaşyjylaryň täze athana bilen tanyşlygy dolandyryş binasyna baryp görmek bilen başlandy. Bu ýerde olar hünärmenler üçin niýetlenen otaglary synladylar. Binada mejlisler zaly, işgärler üçin naharhana we zerur bolan beýleki ýerler bar. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.
Toplumyň hojalyk bölüminiň düzümine höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany, atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 88-sine niýetlenen athanalaryň 5-si we beýleki birnäçe desgalar girýär. Bu ýerde sazlaşykly mikrogurşaw, arassa howa aýlanyşygy göz öňünde tutulyp, bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek, çapyşyklara taýýarlamak seýisleriň we atbakarlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler üpjün edilipdir.
Çeper AŞYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler