Şu gün, paýtagtymyz Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly açylýar. 14 — 16-njy noýabrda geçiriljek festiwala Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň teatr toparlarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Onuň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi we edebi-çeper çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda medeniýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda teatr sungatyna aýratyn orun berilýär. Teatrlarymyzda tomaşaçylara dürli temalardan sahna oýunlary hödürlenýär. Ol oýunlar daşary ýurtlaryň teatr muşdaklarynda uly gyzyklanma döredýär. Muňa teatr ussatlarymyzyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär.
Üç gün dowam etjek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalda teatr sungatynyň muşdaklary milli we daşary ýurt teatrlarynyň goýan sahna oýunlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik alarlar.
Näzik DÖWRANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler